Ulgamy ulanyjylar döwrebap we ýeňil interfeýs arkaly gerekli maglumatlary:
görkezip, bildirişi goşýarlar. Ýükle ulgama bildiriş goşulan pursatyndan başlap, müşderi logistiki kompaniýalardan öz talaplaryna laýyk gelýän teklipleri alyp başlaýar.
Müşderä hem özüniň ýüki üçin gelen teklipleriň arasyndan iň amatlysyny saýlama mümkinçiligi döreýär.
Şeýle hem müşderi öz goşan bildirişleriniň sanawyny görüp, üýtgedip ýa-da aýyryp bilýär.
Mundan başga-da, müşderi bildiriş goşmazyndan ozal, ulgama agza bolup, logistiki kompaniýalarynyň habarlaşmagy üçin özüniň şahsy maglumatlaryny, ýagny doly adyny, telefon belgilerini, we sosiýal platformalardaky hasaplaryny paýlaşmaly bolýar.
Beýleki tarapdan, logistik kompaniýalar Ýükle ulgamyna agza bolmazdan ýük beriji müşderileriň goýan bildirişlerini görüp, olaryň islendigi bilen habarlaşyp, tekliplerini hödürläp bilýär.